Koreýada bilim alýan türkmen talyplaryna Türkmenistanyň Prezidentiniň adyndan ýadygärlik sowgatlary gowşuryldy

17:1328.11.2022
0
34558

Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Koreýa Respublikasyna resmi sapary dowam edýär. Saparyň çäginde birnäçe gepleşikler geçirilip, iki ýurduň arasynda dürli ugurlarda işjeň hyzmatdaşlyk alyp barmagyň geljekki ädimleri kesgitlenilýär.

Saparyň dowamynda Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň wekilleri Koreýa Respublikasynyň ýokary okuw mekdeplerinde bilim alýan türkmen talyp ýaşlary bilen duşuşdylar.

Parlament wekilleri döwletimiz tarapyndan döredilýän şertleriň netijesinde dostlukly ýurtda bilim alýan türkmen talyplaryna Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň adyndan ýadygärlik sowgatlary gowşurdylar.

Koreýa Respublikasynda bilim alýan türkmen ýaşlary şeýle serpaý üçin özleriniň hoşallyklaryny, buýsançly sözlerini, häzirki wagtda türkmen ýaşlarynyň ylymly-bilimli, giň dünýägaraýyşly, ýokary derejeli hünärli bolmaklary, dürli dilleri bilmekleri ugrunda döwlet tarapyndan uly aladalar edilýändigini tolgunma bilen beýan etdiler diýip, türkmen metbugaty habar berýär.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň