Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistan Ýewropa sebitinde ýokary bilim boýunça hünär derejelerini ykrar etmek hakyndaky Konwensiýa goşuldy

17:3426.11.2022
0
32826

Türkmenistanda, 19-njy noýabrda Halk Maslahatynyň 8-nji mejlisinde tassyklanan «Ýewropa sebitinde ýokary bilim boýunça hünär derejelerini ykrar etmek hakynda Konwensiýa goşulmak hakynda» Türkmenistanyň Kanuny kabul edildi.

1997-nji ýylda Lissabonda gol çekilen bu Konwensiýa ÝUNESKO bilen bilelikde işlenilip düzülen Ýewropa Geňeşiniň halkara şertnamasydyr. Bu Konwensiýa Strasburgda Gresiýadan we Monakodan başga Ýewropa geňeşine agza bolan 46 döwletiň ählisi gol çekdi.

Bu Konwensiýa bir ýurtda berlen ýokary bilim boýunça hünär derejeleriniň başga bir ýurtda ykrar edilmegini aňsatlaşdyrmagy maksat edinýär.

Talyplara we uçurymlara Konwensiýa laýyklykda adalatly amallar kepillendirilýär.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň