Soňky habarlar

Arhiw

Trampyň «Twitterdäki» abunaçylarynyň sany 2 milliondan geçdi

12:3120.11.2022
0
19079

ABŞ-nyň öňki Prezidenti Donald Trampyň «Twitter» sosial ulgamynda ýapyk sahypasy geçen şenbede täzeden açylan dessine abunaçylarynyň sany 2 milliondan agdy, muňa Trampyň ady tutulan sosial ulgamdaky sahypasynda ýerleşdirilen maglumatlar güwä geçýär diýip, «Trend» habar berdi.

«Twitteriň» edarasy Trampyň akkauntyny açmak barada ulgamyň täze eýesi bolan Ilon Mask tarapyndan guralan ses berlişige gatnaşanlaryň köplügi munuň tarapdary bolup çykyş edenlerinden soňra akkaunty açmak kararyna geldi.

Häzir Trampyň sahypasy «Twitterde» açyk, emma ondaky iň soňky ýazgy 2021-nji ýylyň 8-nji ýanwary bilen senelenýär. Heniz sahypanyň eýesi oňa täze ýazgy girizmändir, käbir habar beriş serişdeleri Trampyň «Twittere» gaýdyp barmakçy däldigi barada aýdandygyny ýazýarlar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň