Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenderýa gyrmançalardan arassalanýar

09:4619.10.2022
0
9624

«Daşoguzsuwhojalyk» önümçilik birleşiginiň ýokary öndürijilikli läbik sorujylarynyň 8-si möwsümleýin suw hojalyk çärelerinde sazlaşykly işledilýär. Bu barada türkmen metbugaty habar berdi.

Dünýäniň öňdebaryjy kompaniýalarynda, döwrüň iň ösen talaplaryna laýyklykda, innowasion tehnologiýalar esasynda öndürilen bu kuwwatly tehnikalar häzirki wagtda Türkmenderýanyň bellenilen ýerlerini tebigy gyrmançalardan, suw gatyşykly çökündilerden, läbikden arassalamak işlerinde ulanylýar. Olaryň sazlaşykly hem bökdençsiz işledilmegi netijesinde derýanyň suw geçirijilik mümkinçiligi ep-esli ýokarlandy.

Uzynlygy 180 kilometre, suw geçirijilik ukyby sekuntda 250 kub metre barabar bolan bu derýa welaýatyň çägindäki iri suw akabalarynyň aglabasyny suw bilen üpjün edýär. «Türkmenderýasuwhojalyk» önümçilik dolanyşygynyň hasabynda häzirki wagtda jemi uzynlygy 414 kilometrden gowrak akabalar, birnäçe suw geçiriji hem suw alyjy desgalar bar. Welaýat boýunça dolanyşykdaky jemi 416 müň gektara golaý ekin meýdanlaryny ýeterlik mukdarda suwlulandyrmak bilen aýrylmaz baglanyşykly işlerde bu derýa möhüm orun eýeleýär. Şu günler derýanyň ugrunda işledilýän läbik sorujylaryň hersi 40 — 45 metr aralykda gyrmançalarydyr läbikleri sorup, kenara çykarýar. Goşmaça işleri ýerine ýetirmek üçin olaryň her birine buldozerleriň 2-si berkidildi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň