Soňky habarlar

Arhiw

«ITEA» IT Akademiýasy UI/UX dizaýny boýunça nobatdaky ussatlyk sapagyny geçirýär

11:2518.10.2022
0
20313

Aşgabatdaky Halkara IT Akademiýasy «ITEA» «Iş nokady» bilen bilelikde ähli isleg bildirýänleri UI/UX dizaýny boýunça ussatlyk sapagyna gatnaşmaga çagyrýar.

UI/UX dizaýny (iňlis dilinden. User Interface – «ulanyjy interfeýsi» we User eXperience – «ulanyjy tejribesi») amatly we düşnükli ulanyjy interfeýslerini, ýagny web sahypalarynda, ykjam programmalarda, söwda platformalarynda we ş.m. görýänlerimizi wizual bezemek, taslamasy döretmek işi.

«ITEA-nyň» ussatlyk sapagynda diňleýjiler diňe bir UI/UX dizaýneriniň näme edýändigi barada düşünje alman, eýsem, bu ugurda özlerini synap görerler. Sapaklary «Caspy Creative» boýunça Senior web designer (uly web dizaýneri) we «ITEA-nyň» mentory, tejribeli spiker Emir Hudaýberdiýew geçirýär. Onuň web-dizaýn ulgamynda we taslamalary işläp taýýarlamakda bäş ýyllyk iş tejribesi bar, futbol we kompýuter oýunlary bilen gyzyklanýar.

Ussatlyk sapagy 25-nji oktýabrda sagat 18:00-da Atamyrat Nyýazow köçesiniň ugrunda ýerleşýän Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň binasynyň 8-nji gatynda geçiriler.

Ussatlyk sapagynyň bahasy 150 manat, ýanyňyz bilen getiren her bir dostuňyz üçin – 5% arzanladyş göz öňünde tutulýar. IT Akademiýasynyň diňleýjileri üçin 50% arzanladyş hereket edýär.

Goşmaça maglumat üçin telefon belgisi: (+993 12) 21 04 99. Ussatlyk sapagyna gatnaşmak boýunça bellige alynmak üçin şu ýere ýüz tutup bilersiňiz.

Şeýle-de okaň:

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň