Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Türkmen mugallymlary halkara bäsleşikde ýeňiş gazandylar

17:2716.10.2022
0
17205

Russiýa Federasiýasynyň A.S.Puşkin adyndaky rus dili Döwlet instituty 2022-nji ýylyň 5-nji sentýabrynda GDA ýurtlarynyň arasynda rus dilini goldamak ugrundaky iň oňat taslamalar boýunça bäsleşik yglan etdi. GDA-da ýurtlaryň arasynda rus dilini ösdürmäge gönükdirilen çäreleri durmuşa geçirmek üçin iň oňat tejribeleri ýygnamak we seljermek bäsleşigiň esasy maksady boldy.

Bäsleşik dört ugur — rus dili; rus bilimi we medeniýeti; ýurtlaryň arasyndaky taryhy, medeni, ylmy, bilim, ykdysady gatnaşyklar; rus dilini öwretmegiň usullary ugurlary boýunça geçirildi.

12-nji oktýabrda bäsleşigiň resmi web sahypasynda netijeler yglan edildi. Şeýlelikde, bäsleşikde Türkmenistanyň wekilleri — Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň mugallymlary Tylla Babaýewa, Gülälek Çopanowa, şeýle-de institutyň talyby Serdar Rahymow ýeňiş gazandylar.

Ýeri gelende aýtsak, GDA ýurtlarynda 2023-nji ýylda rus dili döwletara aragatnaşyk dili hökmünde yglan edildi. Bu çözgüt 14-nji oktýabrda Astanada geçirilen Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň sammitinde kabul edildi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň