Soňky habarlar

Arhiw

DÖM boýunça Halkara olimpiadada türkmen talyplary birinji orunlaryň ikisini eýelediler

15:3113.10.2022
0
39417

Türkmenistanly talyplar her ýyl geçirilýän Durnukly ösüşiň maksatlary (DÖM) Halkara talyplar olimpiadasynda mümkin bolan 3 ýeňişden 2-sini gazandylar diýip, «Altyn asyr» elektron neşiri habar berýär.

Olimpiadanyň sebit (jemleýji) tapgyrynyň netijesi boýunça Ýaran Hudaýberdiýew (S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersiteti) we Serdar Rahymow (Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary instituty) ýeňijiler diýlip yglan edildi.

Olimpiada üç ugur boýunça geçirildi:

  • suw serişdelerini we landşafty integrirlenip dolandyrmak (DÖM 6);
  • klimatyň üýtgemegi we arassa energiýa (DÖM 7 we 13);
  • senagatlaşdyrmak, innowasiýalar, infrastruktura we şäherleriň we ilatly ýerleriň durnuklylygy (DÖM 9 we 11) boýunça geçirildi.

Bäsleşigiň şertlerine görä, gatnaşyjylar üç nominasiýanyň biriniň mowzugy boýunça taýýar eko-biznes taslamasyny hödürlemeli boldular.

Olimpiadanyň şertleri boýunça oňa gatnaşýanlar üç ugurdan biriniň temasyndan taýýar eko-telekeçilik taslamasyny bäsleşige hödürlediler.

S.A.Nyýazow adyndaky TOHU-nyň talyby Ýaran Hudaýberdiýew birinji ugurdan «Suwy gaýtadan ulanmagyň peýdasy» temadan çykyş edip, ýeňiş gazandy. DIM-niň HGI-niň talyby Serdar Rahymow 2-nji ugurdan «Eko-gaplar önümçiligi we olary ýerleşdirmek» temasyny teklip etdi. Owganystanly talyp olimpiadanyň üçünji ýeňijisi boldy.

Taslamalaryň ýeňijileri 2023-nji ýylyň ýanwarynda Taýlandyň paýtagty Bangkokda geçiriljek Halkara telekeçilik-forumyna hödürlenerler.

Halkara gözden geçirilişe Türkmenistanyň, Gyrgyzystandyň, Özbegistandyň, Täjigistanyň we Owganystanyň ýokary okuw mekdeplerinden ýarym müňe golaý talyp gatnaşdy. Onlaýn görnüşde rus we iňlis dillerinde geçirilen olimpiada iki – milli hem-de sebit tapgyrlarynda geçirildi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň