Soňky habarlar

Arhiw

«Iş nokady» kompaniýasy we Aşgabatdaky «Coddy» programmirleme mekdebi çagalar üçin güýzki dynç alşy guraýar

10:1613.10.2022
0
11097

24 — 28-nji oktýabr aralygynda «Iş nokady» kompaniýasy Aşgabatdaky «Coddy» Halkara programmirleme mekdebi bilen bilelikde 9 — 15 ýaşdaky çagalar üçin güýzki dynç alyş günlerini geçirýär.

Dynç alşyň her gününde bu ýerde sagat 10:00-dan 14:00 aralygynda çagalara şu salgylanmadan tanşyp bolýan örän gyzykly programmalar garaşýar. Gündelik programmanyň tertibinde oňa gatnaşyjylar üçin bir arakesme we nahar wagty hem göz öňüne tutulandyr.

Çagalaryň bu ýerde diňe bir özlerini kämilleşdirmäge ýardam etjek zatlara güýmenmän, eýsem dynç almaklary üçin-de dürli hili interaktiw oýunlar oýnalar.

Dynç alşa gatnaşmagyň tölegi 1000 manatdyr.

Çagany bu dynç alyş çärelerine ýazdyrmak ýa-da bu babatda has giňişleýin maglumatlar bilen gyzyklanmak üçin (+993 12) 210499 telefon belgisine jaň etmeli.

  • Ýerleşýän salgysy: Aşgabat ş., A.Nyýazow köçesi, 174-nji jaý, Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler binasynyň 8-nji gaty.
Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň