Soňky habarlar

Arhiw

Özbegistan Türkmenistana 471 tonna şetdaly eksport etdi

11:0512.10.2022
1
33913
Özbegistan Türkmenistana 471 tonna şetdaly eksport etdi
Surat: daryo.uz

Özbegistan Respublikasynyň oba hojalykçylary dürli görnüşli miweleriň, şol sanda şetdalynyň eksportyny geçen ýylkylara garanyňda düýpli ýokarlandyrmagy başardylar. Resmi özbek elektron neşirlerinde habar berlişi ýaly, geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, şu ýyl şetdalynyň eksporty üç esse köpeldi.

Şoňa laýyklykda, 2022-nji ýylyň möwsüminde Özbegistandan şetdaly eksportynyň jemi mukdarynyň 99%-den gowragyny sebit ýurtlaryna we Ýewropa bazaryna eksporta iberdi. Bellenilişi ýaly, Türkmenistana önümiň 471, Täjigistana 42, Mongoliýa 14 we Birleşen Arap Emirliklerine 4 tonnasy eksport edildi.

Deslapky resmi maglumatlara görä, maý aýynyň başyndan sentýabr aýynyň ahyryna çenli Özbegistan jemi 68,1 million dollara barabar bolan şetdalynyň 76,7 müň tonnasyny eksport etdi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň