Türkmenistanyň Prezidentiniň Gazagystana saparynda ikitaraplaýyn resminamalara gol çekiler

20:1510.10.2022
0
20126

Ozal habar berşimiz ýaly 15-nji oktýabrda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Gazagystana döwlet sapary bolar.

Bu sapar syýasy, söwda, ykdysady, ulag, üstaşyr, medeni we ynsanperwer hyzmatdaşlygy, şeýle hem türkmmen-gazak strategiki hyzmatdaşlygyny ösdürmäge gönükdirilendir ― diýip, goňşy döwletiň Daşary işler ministrligi habar berýär.

Saparyň dowamynda taraplar sebitiň we halkara gün tertibindäki möhüm meseleleriň giň toparyny ara alyp maslahatlaşmagy meýilleşdirýärler.

Netijede, ikitaraplaýyn resminamalara gol çekmek meýilleşdirilýär.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň