Turkmenportal logo
07.10.22
2347723477
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Hor çekýän adamlar üçin arkan ýatmagyň howpludygy belli boldy
Surat: ngs24.ru

Arkan ýatyp uklamak hor çekýän adamlar üçin howply bolup biler diýip, russiýaly somnolog-lukman Sofiýa Çerkasowanyň sözlerine salgylanýan «MIR 24» ýazýar.


Hünärmeniň aýtmagyna görä, şeýle ýagdaýda uklananda hor çekmek sebäpli dem almagyň durmak ähtimallygy iki esse ýokarlanýar.


Somnolog uklananda, özüň üçin iň amatly usulyň peýdalydygyny nygtady, mysal üçin, zenanlaryň aglabasy ýüzlerinde gasyn döremezligi üçin arkan ýatýarlar. Netijede, olar uky bilen bagly kynçylyklara duçar bolýarlar.