Ozal habar berşimiz ýaly, şu gün Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 31 ýyllygy mynasybetli iki günlük sergi öz işine başlady. Garaşsyzlyk baýramynyň öňüsyrasynda geçirilýän bu sergi milli ykdysadyýetiň gazananlaryny we ylmy-tehniki oýlap tapyşlary tanyşdyrmakda möhüm ähmiýete eýedir.
Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasy tarapyndan guralýan bu gözden geçiriliş ählumumy dünýä hojalyk gatnaşyklaryna okgunly goşulyşýan Türkmenistanyň ykdysady taýdan ýokary depginler bilen ösýändigini, onuň serişdeler kuwwatynyň artýandygyny we geljeginiň uludygyny tutuş dünýä görkezýär.
Sergä ýurduň halk hojalyk toplumynyň ähli ulgamlaryna wekilçilik edýän esasy döwlet düzümleri we hususy ulgamyň kärhanalary gatnaşýarlar.
Gözden geçirilişiň esasy maksady diňe bir gazanylan üstünlikleri däl, eýsem, ykdysady pudaklaryň kuwwatyny, olary ösdürmekde amala aşyrylan düýpli özgertmeleri, şeýle-de döwlet-hususy hyzmatdaşlygyň netijeliligini görkezmekden ybaratdyr.
Ertir sergi öz işini dowam eder. Sergi tamamlanandan soň, oňa gatnaşanlara degişli Diplomlar we güwänamalar gowşurylar.
Şeýle-de okaň: