Soňky habarlar

Arhiw

«Turkmenportal» bilen BMGÖM-iň arasynda Ähtnama gol çekildi

19:1107.09.2022
0
8322

Şu gün «Turkmenportal» habarlar portaly Birleşen Milletler Guramasynyň Ösüş Maksatnamasy (BMGÖM) bilen Türkmenistanda we beýleki ýerlerde BMG-nyň Durnukly Ösüş Maksatnamalarynyň durmuşa geçirilmegini çaltlaşdyrmaga gönükdirilen hyzmatdaşlygy güýçlendirmek boýunça hyzmatdaşlyk baradaky Ähtnama gol çekdi.

BMGÖM-niň Türkmenistanda wekili Narine Saakýan Aşgabatda geçirilen gol çekişlik dabarasynda: «Türkmenportal» bilen hyzmatdaşlygymyzy giňeltmek, iň möhüm ösüş meseleleri we durnukly geljegi gurmaga gönükdirilen BMGÖM-iň alyp barýan işleri barada has köp adamyň habarly bolmagyna kömek eder diýip umyt edýäris» diýdi.

Türkmen tarapynyň wekilleri hem öz gezeginde «Turkmenportalyň» 2011-nji ýylda döredilen gününden bäri Durnukly ösüş maksatlary boýunça esasy gymmatlyklara eýerýändigini we hem metbugat serişdesi, hem-de ösüşiň goldawçysy hökmünde ýurduň sanly ykdysadyýetiniň ösmegine goşant goşýandygyny bellediler.

Habarlar portalynyň wekilleri «BMG-nyň Türkmenistandaky Ösüş Maksatnamasy bilen umumy maksatlara ýetmek üçin toplanan tejribäni ulanmak mümkinçiligimize şatdyrys» diýip, bu hyzmatdaşlygyň geljegine bil bagladylar.

Ähtnama sanly özgerişler, şol sanda innowasiýa çözgütlerini işläp düzmek we durmuşa geçirmek, ýerli jemgyýetleriň sanly özgerişlerdäki mümkinçiliklerini güýçlendirmek, sanly tehnologiýalar ulgamynda ilatyň sowatlylygyny ýokarlandyrmak we gender deňligi ýaly hyzmatdaşlygy giňeltmek maksady bilen gol çekildi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň