Turkmenportal logo
07.09.22
1286012860
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Braziliýada «Aýfon» telefonlarynyň satuwy gadagan edildi
Braziliýada «Aýfon» telefonlarynyň satuwy gadagan edildi

Braziliýa öz çäginde «Apple» kompaniýasyna «Aýfon» smartfonlarynyň satuwyny gadagan etdi. Kazyýet muny satyn alyjylaryň hukugynyň kemsidilmegi hökmünde häsiýetlendirdi, ýagny olar doly bolmadyk toplumdaky harydy satyn alýarlar. Ýurtda eýýäm iki ýyldyr, ady tutulan el telefonlary güýç berijisiz satylýar, muny kompaniýa zibili azaltmak arkaly daşky gurşawy goramak üçin edýändigi bilen delillendirýär.


«Apple» kompaniýasy brazil kazyýetiniň hökümine garşy şikaýat etmek isleýär diýip, «Euronews.com» ýazýar.