Türkmenistanyň DIM-niň ýokary okuw mekdebiniň talyby Germaniýada karate boýunça geçirilýän halkara ýaryşyň ýeňijisi boldy

13:0605.09.2022
0
21476

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň 2-nji ýyl talyby Dawut Nazmyradow Germaniýanyň Berlin şäherinde karate boýunça geçirilýän Banzai Cup 2022 halkara ýaryşynda üç medal gazandy.

«Kumite» görnüşi boýunça ulularyň arasynda 75 kilograma çenli agram derejesinde ýaryşan türkmenistanly türgen final tutluşygynda awstraliýaly Darem Mitçeli ýeňdi. Şu agram derejesinde üçünji orna Baýry Baýryýew mynasyp boldy.

Şeýle hem Dawut Nazmyradow «kumite» boýunça 21 ýaşdan ýokary türgenleriň arasynda we «Open» derejesi boýunça geçirilen ýaryşlarda iki kümüş medaly eýeledi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň