Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanda telekeçi ýaşlary goldamak boýunça aýratyn maýa goýum gaznasy we döwlet topary dörediler

12:3002.09.2022
0
19792

Türkmenistanda telekeçi ýaşlar we ýaşlar kärhanalary üçin maýa goýum gaznalary dörediler.

«Ýaşlar barada döwlet hakda» Türkmenistanyň Kanunynyň rejelenen görnüşiniň 34-nji maddasynda bu barada aýratyn nygtaldy. Şeýle hem şol maddada ýaşlar telekeçiligini döwlet tarapyndan goldamak boýunça hemişelik hereket edýän (degişli ugurlar boýunça jogapkär edaralaryň wekillerinden ybarat bolan) döwlet toparyny döretmek bellenilýär.

Türkmenistanyň Prezidenti Kanunyň rejelenen görnüşine 1-nji sentýabrda gol çekdi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň