Turkmenportal logo
02.09.22
1842718427
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Türkmenistanly alym ýaşlara oýlap tapyş üçin maddy kömek berler

Innowasiýa, oýlap tapyş işini amala aşyrmak üçin türkmenistanly alym ýaşlar döwletden maddy we maliýe taýdan kömek alar. Bu barada «Ýaşlar barada döwlet syýasaty hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň rejelenen görnüşinde bellenildi.


Degişli bölüm Kanunyň 31-nji maddasyna goşuldy. Bu maddada alym ýaşlary döwlet tarapyndan goldamak barada wezipeler göz öňünde tutulýar.


Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Kanunyň rejelenen görnüşine 1-nji sentýabrda gol çekendigini ýatladýarys.