Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanda ekologiýa we syýahatçylyk taslamalaryna gatnaşýan ýaşlar höweslendiriler

11:0302.09.2022
0
18763

Mundan beýläk Türkmenistanda ekologik taslamalary durmuşa geçirmäge we taryhy ýadygärlikleriň durkuny täzelemäge ýaşlaryň gatnaşmaklary goldanylyp, içerki syýahatçylyk ulgamyny ösdürmek arkaly, ýaşlarda taryhy we medeni mirasa, daşky gurşawy goramaga bolan gyzyklanmany höweslendirmek boýunça döwlet goldawy güýçlendiriler.

Bu barada «Ýaşlar syýasaty barada döwlet syýasaty hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň 28-nji maddasyna goşulan goşmaça nygtalýar. Bu maddada ýaşlaryň medeniýet we sungat çygryndaky döwlet goldawy göz öňünde tutulandyr.

Kanunyň rejelenen görnüşine Prezident Serdar Berdimuhamedow 1-nji sentýabrda ― Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň VII gurultaýynda gol çekildi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň