Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanda harby gulluga çagyryşy wagtlaýyn yza süýşürmek kanunlaşdyryldy

10:5602.09.2022
0
36435

Ýaşlarda okuwyň üznüksizligini gazanmak we olary hünäre ugrukdyrmak maksady bilen, umumybilim edaralaryny tamamlan ýaş oglanlaryň ýokary we orta hünär okuw mekdepleriniň giriş synaglaryna gatnaşmagy üçin bir gezek mümkinçilik döretmek şerti bilen, Türkmenistanda mundan beýläk 18 ýaşyny dolduran ýigitleriň harby gulluga çagyryş möhleti wagtlaýyn yza süýşüriler.

Täze düzgün «Ýaşlar barada döwlet syýasaty hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň rejelenen görnüşinde göz öňünde tutuldy. Kanunyň 26-njy maddasynda nygtalyşy ýaly, «çagyryş boýunça harby gullugy geçen ýaşlar giriş synaglaryndan üstünlikli geçen ýagdaýynda, döwlet hünär bilimi edaralaryna bäsleşiksiz kabul edilýär».

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň täze Kanuna Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň VII gurultaýynyň çäklerinde 1-nji sentýabrda gol çekendigini ýatladýarys.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň