Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanda telekeçiler tarapyndan döredilen kärhanalar hem ýaşlar kärhanalary hökmünde ykrar ediler

08:2502.09.2022
0
12272

Ýaşlaryň jemgyýetçilik, durmuş-ykdysady, medeni durmuşa işjeň gatnaşmaklaryny gazanmak maksady bilen, telekeçiler tarapyndan döredilen kärhanalar Türkmenistanda mundan beýläk ýaşlar kärhanalary hökmünde ykrar ediler.

«Ýaşlar barada döwlet syýasaty hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň 1-nji sentýabrda kabul edilen rejelenen görnüşine bu barada ýörite tesim girizildi.

Täze üýtgeşme Kanunyň 1-nji maddasynyň «Umumy düzgünler» atly I babyna degişlidir. Kanunda mundan ozal bilimleri çuňlaşdyrmak hem-de öwrenilýän kärlere we hünärlere laýyklykda amaly taýdan ulanmak maksady bilen, hünär bilimi edaralarynyň okatmagyň gündizki görnüşiniň talyp ýaşlary tarapyndan hem-de ylmy-barlag, innowasiýa we ornaşdyryjylyk işlerini geçirmek üçin alym ýaşlar tarapyndan döredilen kärhanalar ýaşlar kärhanasy hökmünde görkezilýärdi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň