Turkmenportal logo
01.09.22
3532335323
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Türkmenistanyň bilim edaralary sanitariýa düzgünleriniň berjaý edilmegine gözegçiligi güýçlendirer
Türkmenistanyň bilim edaralary sanitariýa düzgünleriniň berjaý edilmegine gözegçiligi güýçlendirer

Şu gün Türkmenistanda täze okuw möwsümi başlandy. Ýurduň ähli mekdeplerinde, ýokary we orta hünär okuw mekdeplerinde sapaklar öňki tertipde okadylyp başlady.


Türkmenistanda Keselleriň ýaýramagyna garşy göreşýän adatdan daşary toparyň 2022-nji ýylyň 6-njy iýulynda geçirilen mejlisiniň çözgüdi esasynda täze okuw ýylynda okuwlar adaty tertipde alnyp barlar we bilim edaralarynda agyz-burun örtükleriniň ulanylyşy gözegçilikde saklanar. Bu barada «Türkmenistan» gazetinde habar berildi.


Toparyň 21-nji awgustdaky mejlisiniň çözgüdine laýyklykda, mekdeplerde sanitariýa, arassaçylyk-gigiýena we öňüni alyş-zyýansyzlandyryş işleri has-da güýçlendiriler.