Soňky habarlar

Arhiw

Özbek Lideriniň Türkmenistana geljekki saparynyň çäklerinde Aşgabatda «Daşkent» seýilgähi açylar

23:3514.07.2022
0
20990

Özbegistan Respublikasyna amala aşyrýan döwlet saparynyň çäklerinde, 14-nji iýulda Daşkent şäherinde giňeldilen düzümde geçirilen gepleşiklerde eden çykyşynyň dowamynda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Aşgabadyň merkezinde gurluşygy tamamlaýjy tapgyrda alnyp barylýan «Daşkent» seýilgähiniň açylyşynyň çuňňur manyly, möhüm waka boljakdygyny nygtady. Bu barada «Watan» habarlar gepleşiginde habar berildi.

Iki döwletiň Baştutanlary köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekillerine ýüzlenme bilen çykyş edenlerinde, özbek Lideri Şawkat Mirziýoýew Türkmenistana gelmäge çakylyk üçin ýene bir gezek hoşallyk bildirip, geljekki saparynyň çäklerinde doganlyk ýurduň paýtagtynda gurulýan «Daşkent» seýilgähiniň açylyş dabarasynyň boljakdygyny belledi.

— Häzirki wagtda «Aşgabat» seýilgähi Daşkendiň ýaşaýjylarynyň we myhmanlarynyň dynç almaklary üçin iň gelim-gidimli ýerleriň biridir. Türkmen paýtagtyndaky «Daşkent» seýilgähiniň hem şeýle özüne çekiji, ajaýyp ýerleriň biri boljakdygyna ynanýaryn — diýip, Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew aýratyn nygtady.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň