«Internet-banking» hyzmatynyň ulanyjylarynyň bellige alnan sany boýunça Türkmenistanda «Daýhanbank» DTB lider boldy diýip, Trend agentligi Türkmenistanyň Merkezi bankyna salgylanyp habar berýär.
2022-nji ýylyň iýun aýyna çenli ýagdaýa görä, Türkmenistanyň ýaşaýjylary şu banklaryň hyzmatlaryndan has ýygy-ýygydan peýdalanýarlar: «Daýhanbank» (318,3 müň bellige alnan ulanyjy), «Türkmenistan» (261,3 müň ulanyjy) we «Türkmenbaşy» (159,3 müň ulanyjy).
Habar berlişi ýaly, «Daýhanbank» esasan Türkmenistanyň welaýatlaryndaky müşderiler bilen işleýär. Şeýlelikde, ulanyjylaryň aglabasy Mary (125,5 müň), Lebap (73,4 müň) we Daşoguz (48,5 müň) welaýatlarynda ýerleşýär.
«Internet-banking» hyzmatyny birikdirmek arkaly ulanyjylar «Daýhanbank» DTB-de açylan hasaplary, karzlary we olary üzmegiň möhletleri barada maglumat alyp bilerler. Müşderiler şol sanda hasaplaryny dolandyryp bilerler, şol sanda öz hasaplarynyň arasynda, şeýle hem «Daýhanbank» DTB-niň beýleki müşderilene pul serişdelerini geçirip bilerler, bank kartynyň üstüni dolduryp bilerler. Amallaryň howpsuzlygyny ýokarlandyrmak üçin bank tarapyndan goragyň goşmaça derejesi — sms arkaly alynýan bir gezeklik porol ulanylýar.
«Internet-banking» hyzmatyny ulanyjylaryň bellige alnan sany boýunça Türkmenistanyň banklarynyň reýtingi
Bank |
Bellige alnan ulanyjylaryň sany |
318 359 |
|
Türkmenistanyň «Türkmenistan» döwlet täjirçilik banky |
261 346 |
Türkmenistanyň «Türkmenbaşy» paýdarlar täjirçilik banky |
159 340 |
72 198 |
|
Türkmenistanyň «Senagat» paýdarlar täjirçilik banky |
37 761 |
Türkmen-türk paýdarlar täjirçilik banky |
5 698 |
4 531 |
|
Jemi |
859 233 |