Russiýa Hytaýa nebit satmak boýunça Saud Arabystanyndan öňe saýlandy

16:2021.06.2022
0
1683
Russiýa Hytaýa nebit satmak boýunça Saud Arabystanyndan öňe saýlandy
Surat: russian.rt.com

Rus nebitiniň Hytaýa eksporty geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, maý aýynda 55 göterim artdy we Saud Arabystanynyň bu ugurdaky görkezijilerinden öňe saýlandy. Bu barada «Reuters» habar berdi diýip, TASS ýazýar.

Habara görä, maýda Saud Arabystany Hytaýa günde 1,84 million barrel nebit elten bolsa, Russiýa Federasiýasy GSÝU (Gündogar Sibir - Ýuwaş umman) turbageçirijisini we deňiz daşamalaryny hem goşmak bilen, 1,98 million barrel eltdi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň