Soňky habarlar

Arhiw

Saud Arabystan daşary ýurt raýatlarynyň Mekgä zyýarata gelmegine rugsat berdi

11:2209.04.2022
0
10449

Saud Arabystan Patyşalygy 2022-nji ýylda 1 milliona golaý adama musulmanlaryň mukaddes ýeri bolan Mekgä haj parzyny berjaý etmek üçin rugsat berer. Bu barada Saud Arabystanyň habarlar agentliginde habar berilýär.

Habarda bellenilişi ýaly, haj parzyny berjaý etmek isleýän musulmanlar 65 ýaşdan uly bolmaly däldir. Olar dünýäde ýüze çykan koronawirus ýokanjyna garşy waksinanyň bellenilen sanjymyny doly alan bolmaly. Zyýaratçylar mukaddes künjege ugramazyndan birnäçe gün, ýagny 72 sagat öňünden ýokanç keseliň ýoklugy baradaky lukmançylyk test barlagynyň netijesini alyp, ony degişli ýerlerde görkezmelidirler.

Belläp geçsek, Mekgä baryp zyýarat etmek koronawirus ýokanjy sebäpli üç ýyla golaý mundan öň çäklendirildi. 2021-nji ýylda ýurduň hökümeti bu ýerdäki zyýaratçylaryň 60 müňüsine Mekgä zyýarat etmek üçin rugsat berdi. Pandemiýa ýüze çykmazdan öň bu ýere zyýarata gelýänleriň sany 2,5 milliona ýetýärdi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň