Turkmenportal logo
21.03.22
15911591
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Lebap welaýatynda dowarlardan 60 müňden gowrak owlak-guzy alyndy
Lebap welaýatynda dowarlardan 60 müňden gowrak owlak-guzy alyndy

Lebap welaýatynda ene mallardan owlak-guzy almak möwsümi gyzgalaňly dowam edýär. Häzirki wagtda dowarlardan alnan owlak-guzularyň sany 60 müňden geçdi. Bu barada «Türkmen gündogary» gazeti habar berýär.


Möwsümiň barha ýokarlanýan görkezijileri meýilnamanyň üstünlikli ýerine ýetiriljekdigine şaýatlyk edýär. Dowarlardan owlak-guzy almak möwsüminde Çärjew etrabynyň «Serdar» maldarçylyk hojalygynyň maldarlary ilkinji bolup meýilnamalaryny berjaý etdiler, şonda 2276 ene dowardan 2091 sany owlak-guzy alyndy. Köýtendag etrabynyň «Köýtendag», Döwletli etrabynyň «Tallymerjen» maldarçylyk hojalyklarynyň çopanlary hem meýilnamalaryny artygy bilen berjaý etdiler. Sagdyn guzularyň ählisi sürüleriň üstüni doldurmak üçin ösdürmäge galdyrylýar.