Top.Mail.Ru

Berdimuhamedowyň «Abadançylygyň röwşen gadamlary» atly kitaby rus we iňlis dillerinde neşir edildi

20:0314.03.2022
0
4684
Berdimuhamedowyň «Abadançylygyň röwşen gadamlary» atly kitaby rus we iňlis dillerinde neşir edildi
Surat: iirmfa.edu.tm

Şu gün Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň «Abadançylygyň röwşen gadamlary» atly kitabynyň rus we iňlis dillerindäki täze neşirleriniň tanyşdyryş dabarasy boldy. Bu barada ýokary okuw mekdebiň resmi saýtynda habar berilýär.

Kitabyň rus we iňlis dillerindäki täze neşirleriniň tanyşdyryş dabarasyna Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Daşary işler ministri Raşid Meredow, daşary ýurtlaryň hem-de halkara guramalaryň Türkmenistandaky hemişelik wekilhanalarynyň ýolbaşçylary, birnäçe ýokary okuw mekdepleriň rektorlary, professor-mugallymlar we talyp ýaşlar, şeýle-de köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar.

Tanyşdyryş dabarasynyň dowamynda çykyş edenler täze neşiriň Ýer ýüzünde iň bir ýörgünli diller bolan rus we iňlis dillerine terjime edilmeginiň ähmiýeti, onuň Türkmenistanyň parahatçylyk söýüjilikli daşary syýasatyny dünýä ýurtlaryna tanyş etmekde, aýratyn-da halkara derejesinde bilimlerini kämilleşdirýän, halkara gatnaşyklaryny we döwrebap žurnalistikany öwrenýän ýaşlar üçin uly gollanma bolup hyzmat etjekdigi dogrusynda nygtadylar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň