Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Prezident saýlawlary: haýsy dalaşgär nirede ses berdi?

09:0013.03.2022
0
4849

Türkmenistanda giň bäsdeşlik esasynda ýurdumyzyň Prezidentiniň saýlawlary geçirildi, olara iň ýokary döwlet wezipesine dalaşgärleriň hemmesi gatnaşdylar ― diýip, TDH habar berýär.

Iň ýokary döwlet wezipesine dalaşgärler şu saýlaw möwsüminde bäsdeşleriň hemmesiniň mynasyp we hormatly adamlardygyny belläp, olaryň umumy maksada gulluk edýändiklerini, ýagny, Türkmenistanda geçirilýän giň gerimli özgertmelere saldamly goşant goşmak isleýändiklerini aýtdylar hem-de ildeşlerimiziň öz erk-isleglerini beýan edip, bu çynlakaý we jogapkärli meselede dogry hem-de oýlanyşykly çözgüt kabul etjekdiklerine ynam bildirdiler.

Türkmenistanyň Prezidenti wezipesine dalaşgärler ata Watanymyzyň öňündäki raýatlyk borjuny:

Perhat Begenjow—Türkmenabat şäheriniň 50-nji saýlaw uçastogynda (Lebap welaýat kitaphanasy);

Agajan Bekmyradow—Mary welaýatynyň Wekilbazar etrabynyň 6-njy saýlaw uçastogynda (Mollanepes adyndaky geňeşligiň Medeniýet öýi);

Serdar Berdimuhamedow—Aşgabat şäheriniň Köpetdag etrabynyň 48-nji saýlaw uçastogynda (Annanyýaz Artyk adyndaky ýöriteleşdirilen 68-nji orta mekdep);

Berdimämmet Gurbanow—Balkan welaýatynyň Awaza etrabynyň 2-nji saýlaw uçastogynda (ýöriteleşdirilen 15-nji orta mekdep);

Babamyrat Meredow—Daşoguz welaýatynyň S.A.Nyýazow adyndaky etrabynyň 79-njy saýlaw uçastogynda (43-nji orta mekdep);

Hydyr Nunnaýew—Aşgabat şäheriniň Köpetdag etrabynyň 63-nji saýlaw uçastogynda (88-nji orta mekdep);

Maksat Ödeşow—Daşoguz welaýatynyň S.Türkmenbaşy etrabynyň 3-nji saýlaw uçastogynda (1-nji sport mekdebi);

Maksatmyrat Öwezgeldiýew—Ahal welaýatynyň Babadaýhan etrabynyň 9-njy saýlaw uçastogynda (23-nji orta mekdep);

Kakageldi Saryýew –Mary şäheriniň 36-njy saýlaw uçastogynda (8-nji sport mekdebi) berjaý etdiler.

Dokuz dalaşgäriň bellige alynmagy we gatnaşmagy bu saýlawlaryň giň bäsdeşlik esasynda geçirilendiginiň aýdyň subutnamasydyr. Hereket edýän milli kanunçylyga hem-de halkara hukugynyň kadalaryna laýyklykda, dalaşgärleriň ählisine wagyz işlerini geçirmek, saýlawçylar bilen duşuşmak, köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde çykyş etmek üçin deň hukuklar we mümkinçilikler berildi.

Lebap welaýatynyň maliýe-ykdysady orta hünär mekdebiniň direktory Perhat Begenjow iň ýokary döwlet wezipesine dalaşgär bolmak bilen, döwlet maksatnamalarynda göz öňünde tutulan giň gerimli özgertmeleriň dowam etdiriljekdigini nygtady. Telekeçilige döwlet tarapyndan goldaw berler, durmuş ugurly syýasat mundan beýläk-de halkymyzyň rowaçlygyny ýokarlandyrmaga gönükdiriler.

Türkmenistanyň Prezidenti wezipesine dalaşgär – Mary welaýatynyň häkiminiň orunbasary Agajan Bekmyradowyň saýlawlaryň öňýanyndaky maksatnamasynyň esasy ugurlary ýurdumyzyň ykdysady kuwwatyny mundan beýläk-de pugtalandyrmakdan hem-de halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini yzygiderli ýokarlandyrmakdan, saglygy goraýyş, ylym we bilim ulgamlaryny, bedenterbiýäni hem-de sporty ösdürmek boýunça işleri dowam etdirmekden ybaratdyr.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, dalaşgär Serdar Berdimuhamedowyň saýlawlaryň öňýanyndaky maksatnamasynda Türkmenistanyň dünýädäki abraýyny has-da belende galdyrmak, «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022–2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasynyň» çäklerinde ýurdumyzy mundan beýläk-de ösdürmek esasy ugurlar hökmünde kesgitlenildi.

Türkmenistanyň Prezidenti wezipesine dalaşgär, Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň «Awaza» şypahanasynyň baş lukmany, Milli Geňeşiň Mejlisiniň deputaty Berdimämmet Gurbanow ähli ulgamlarda, hususan-da, bilim we saglygy goraýyş ulgamlarynda geçirilýän özgertmeler, ata Watanymyzyň ykdysady kuwwatyny pugtalandyrmaga hem-de onuň halkara abraýyny belende galdyrmaga, halkymyzyň hal-ýagdaýyny mundan beýläk-de ýokarlandyrmaga aýratyn üns berjekdigini aýtdy.

Iň ýokary döwlet wezipesine dalaşgär, «Wepaly gurluşyk» hojalyk jemgyýetiniň ýolbaşçysy Babamyrat Meredow döwlet tarapyndan giň şertleriň döredilmegi arkaly, ekologiýa taýdan arassa hem-de ýokary hilli önümleri öndürmäge ukyply kiçi we orta telekeçiligiň kuwwatyny netijeli herekete getirmegi, bazar ykdysadyýetini kämilleşdirmegi saýlawlaryň öňýanyndaky maksatnamasynyň esasy ugurlary hökmünde belledi.

Durmuşyň ähli ulgamlaryna ylmy-tehniki täzeçillikleri giňden ornaşdyrmak, ykdysadyýeti diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmek, oba hojalygynyň döwrebaplaşdyrylmagyny dowam etdirmek Türkmenistanyň Prezidenti wezipesine dalaşgär, Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň ylmy işler boýunça prorektory, pedagogika ylymlarynyň kandidaty Hydyr Nunnaýewiň saýlawlaryň öňýanyndaky maksatnamasynyň baş ugurlarydyr.

Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň S.Türkmenbaşy etrap komitetiniň başlygy, dalaşgär Maksat Ödeşow saýlawlaryň öňýanyndaky maksatnamasynda welaýatlary çalt depginlerde senagatlaşdyrmak, halk hojalygy toplumynyň ähli pudaklaryny mundan beýläk-de ösdürmek, innowasiýalaryň esasynda önümçilik mümkinçiliklerini pugtalandyrmak we ykdysady kuwwaty artdyrmak boýunça işleri ileri tutulýan wezipeleriň hatarynda görkezdi.

Ahal welaýatynyň Babadaýhan etrabynyň arassaçylyk we keselleriň ýaýramagyna garşy göreşmek gullugynyň başlygy, dalaşgär Maksatmyrat Öwezgeldiýewiň saýlawlaryň öňýanyndaky maksatnamasynda adamlar baradaky alada ileri tutulýan ugur hökmünde kesgitlenildi hem-de senagatyň ähli pudaklaryny ösdürmäge gönükdirilen ugry dowam etdirmek boýunça çäreler bellenildi.

Döwlet energetika institutynyň «Gaýtadan dikeldilýän energiýanyň çeşmeleri» ylmy-önümçilik merkeziniň direktory, dalaşgär Kakageldi Saryýew saýlawlaryň öňýanyndaky maksatnamasynda senagaty ösdürmegi, ähli içerki serişdelerden netijeli peýdalanmagy, täze iş orunlarynyň döredilmegini, ykdysadyýetiň ähli pudaklaryny, bilim, medeniýet, sport, syýahatçylyk, durmuş üpjünçiligi ulgamlaryny kämilleşdimek boýunça özgertmeleri dowam etdirmegi esasy wezipeleriň hatarynda görkezdi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň