Turkmenportal logo
10.03.22
12961296
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Daşoguz welaýatynda owlak-guzy almak möwsümine girişildi
Daşoguz welaýatynda owlak-guzy almak möwsümine girişildi

Daşoguz welaýat oba hojalyk önümçilik birleşiginiň Garagum sährasynyň jümmüşinde zähmet çekýän maldarlary owlak-guzy almak möwsümine doly taýýarlyk bilen girişdiler. Bu barada welaýat neşiri ― «Daşoguz habarlary» gazeti ýazýar.


Olar şonda bu babatda hasapda durýan 43089 ene dowardan 36002 owlak-guzy almagy göz öňünde tutup, ähli güýçlerini öňde goýlan wezipäniň üstünlikli ýerine ýetirilmegine gönükdirdiler. Bu ugurdaky işleri amala aşyrmak üçin maldarçylyk hojalyklarynda ähli zerur serişdeler bilen üpjün edilen toparlar döredilip, olaryň degişli sürülere berkidilmegi oňat ýardam berýär. Şeýlelikde, dowarlardan alynýan owlak-guzularyň sany barha artýar.