Turkmenportal logo
09.03.22
12051205
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Ýewropada gazyň bahasy müň dollar arzanlady
Foto: trend.az

Ýewropada gazyň bahasy bir müň kubmetr üçin 3,3 müň dollar bolanlygyndan düýn söwdalaşyklaryň ahyrynda bir müň dollar arzanlady, muňa Londonyň ICE biržasynyň maglumatlary güwä geçýär diýip, Trend ýazýar.


Ilkibada aprel fýuçersleriniň bahasy 2870 dollar bolanlygyndan birnäçe minut soň iň ýokary nyrha— 3309,6 dollara bardy, soňra kotirlemeler peselip, söwdalaşyklar ýapylmazynyň öňýany nyrh 2330 dollarda saklandy.


3-nji martda Halkara energetika wekilhanasy Ýewropa Bileleşigine maksatnama teklip etdi, oňa görä, ýylyň dowamynda tebigy gazyň daşyndan satyn alynýan möçberlerini 50 milliard kubmetr derejede azaltmagyň ýollary salgy berilýär, munuň üçin energiýanyň alternatiw çeşmelerini gözlemek, AES-leri iň ýokary derejede ulanmak we çalşyp bolýan çeşmelere maýa goýmak teklip edilýär.