Turkmenportal logo
07.03.22
1279512795
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Şu ýyl «Ene mähri» diýen hormatly ada mynasyp bolanlaryň iň uly topary Daşoguz welaýatynyň wekilleri boldy

Şu ýyl Türkmenistanyň «Ene mähri» diýen hormatly adyna mynasyp bolan zenanlaryň iň uly wekilçilikli topary Daşoguz welaýatynyň zenanlary boldy. Demirgazyk sebitiň eneleriniň 117-si 2022-nji ýylda bu hormatly adyň eýeleri boldular. Türkmenistanyň Prezidentiniň degişli Permanynyň türkmen metbugatynda çap edilendigini ýatladýarys.


Umuman, şu ýyl döwlet Baştutany bu hormatly at bilen sekiz we ondan hem köp çagany dünýä inderen eneleriň 282-sine Türkmenistanyň «Ene mähri» diýen hormatly adyny dakdy. Doly sanaw bilen şu salgydan tanşyp bilersiňiz.


Bu at 2008-nji ýyldan bäri berlip gelinýär. Hormatly adyň eýesi bolan zenanlar döwlet tarapyndan ýeňillikleriň uly toplumyndan peýdalanýarlar.