Berdimuhamedow köp çagaly enelere «Ene mähri» diýen hormatly ady dakmak hakyndaky Permana gol çekdi

22:0004.03.2022
0
10148

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow şu gün, ýagny 4-nji martda sanly ulgam arkaly geçiren Ministrler Kabinetiniň mejlisiniň dowamynda oňa gatnaşyjylara ýüzlenip, sişenbe güni Türkmenistanda ajaýyp baýram bolan Halkara zenanlar gününiň dabaraly bellenilip geçiljekdigini belledi. Döwlet Baştutany eziz eneleri, mähriban gelin-gyzlary ýetip gelýän bu ajaýyp baýram bilen tüýs ýürekden gutlap, olara berk jan saglyk, bagtyýarlyk we abadançylyk arzuw etdi. Bu barada «Watan» habarlar gepleşiginde habar berildi.

Soňra Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow köp çagaly enelere «Ene mähri» diýen hormatly ady dakmak hakyndaky Permana gol çekdi. Türkmen Lideri ýerli häkimliklere şu resminamany ýerine ýetirmek üçin degişli işleri geçirmegi tabşyrdy. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutany sekiz we şondan köp çagany dünýä inderen enelere Halkara zenanlar güni mynasybetli Türkmenistan boýunça täze gurlan döwrebap öýleri sowgat bermek barada karara gelendigini habar berdi.

Milletiň Lideri häkimliklere 8-nji mart baýramy mynasybetli zenanlara sowgatlaryň, mynasyp bolan enelere sylaglaryň we sowgat berlen ýaşaýyş jaýlarynyň açarlarynyň dabaraly ýagdaýda gowşurylmagyny üpjün etmegi tabşyrdy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň