Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanda hususyýetçiler iň pes aýlygyň 500 essesi möçberinde karz alyp bilerler

14:1102.02.2022
0
33998

Türkmen telekeçileri Türkmenistanda bellenen iň pes aýlyk hakynyň 500 essesine çenli ýeňillikli karz alyp bilerler. Bu Türkmenistanyň döwlet karz edaralarynyň ýuridik şahsy döretmezden telekeçilik işi bilen meşgullanmaga başlaýan fiziki şahslara - hususy telekeçilere karzlary bermeginiň Tertibine laýyk gelýär.

Maliýe goldawy ýylda 5 göterim bilen berilýär. Karzy 7 ýylyň içinde üzmeli, esasy bergini üzmek üçin ýeňillik möhleti 2 ýyl.

Tertibe laýyklykda, hususy telekeçi, Türkmenistanyň Raýat kodeksine, Türkmenistanyň «Telekeçilik hakda» Kanunyna laýyklykda, kiçi we orta telekeçilige degişli kanuny şahs döretmezden, telekeçilik işini alyp barýan şahsyýetdir.

Aýry-aýry telekeçilere karzlar aşakdaky maksatlar üçin berilýär:

1) senagat önümçiligini ösdürmek;

2) bar bolan pudaklary giňeltmek;

3) halk amaly sungat eserlerini öndürmek;

4) senagat jaýlaryny edinmek;

5) hyzmatlaryň ýerine ýetirilişi;

6) maldarçylyk we guşçylyk toplumlary, oba hojalyk önümlerini öndürmek, saklamak, gaýtadan işlemek bilen baglanyşykly taslamalary maliýeleşdirmek.

Türkmenistanyň ýaşaýjylary üçin karzlar milli manatda berilýär.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň