Soňky habarlar

Arhiw

Aşgabatda taksi sargyt etmegiň täze «Onlaýn taksi» hyzmaty ýola goýuldy

19:0801.02.2022
0
270941

«Awtomobil ulag hyzmaty» açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti Aşgabat şäheriniň çäginde taksi sargyt etmegiň onlaýn hyzmatynyň ýola goýlandygyny habar berýär. Taksini 0655 gysga belgi arkaly ýa-da «Onlaýn taksi» ykjam goşundysynyň kömegi bilen sargyt edip bolýar.

Häzirki wagtda ykjam goşundy ýükläp almak üçin Google Play internet dükanynda elýeter bolup, ýakyn wagtda bolsa ol App Store dükanynda hem ýerleşdiriler.

Taksi gatnawynyň tölegini nagt hem-de bank karty arkaly sürüjiniň terminalyna töleg geçirmek bilen hasaplaşyp bolýar. Golaý geljekde tölegleriň onlaýn hasaplaşygyny ýola goýmak hem meýilleşdirilýär.

Kärhananyň täze hyzmat barada belleýşi ýaly, goşundyny smartfona ýükläniňizden soň, taksi sargyt etmek üçin diňe anyk bellenen salgyny girizmek we ony kartadan görkezmek ýeterlikdir. Goşundyny smartfonuňyzda işe girizeniňizden soň, programma GPS ulgamy arkaly siziň ýerleşýän ýeriňizi anyklaýar, şonuň esasynda bolsa sürüjä müşderiniň ýerleşýän ýeri barada habar barýar.

Sargydyň kabul edilendigi hem-de awtoulagyň gelendigi barada ýolagça SMS habary gelýär. Şeýle-de goşundyda bellenen nyrhnama laýyklykda we gatnaw ugrunyň uzaklygyna baglylykda gatnawyň takmynan tölegi görkeziler.
Barmaly salgyňyza ýeteniňizde bolsa smartfonuňyza gatnawyň ahyrky tölegini görkezýän habarnama gelýär.

Mundan başga hem ykjam goşundyda gatnawlaryňyzyň taryhyny görüp bilersiňiz. Goşundynyň goşmaça aýratynlygy hökmünde bolsa «Halaýan ýerlerim» funksiýasynyň girizilendigini görkezmek bolar. Onuň kömegi bilen iň köp barýan ýeriňiziň salgysyny girizip bilersiňiz.

«Onlaýn taksi» platformasyna birikmek üçin häzir sürüjiler ýörite taýýarlyk işlerini geçýärler, sebäbi müşderileriň taksi gatnawyndan hoşal bolmagy diňe sürüjilere baglydyr.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň