Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Ç.Gylyjow şu gün döwlet Baştutanyna ýurdumyzyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesine agza hususyýetçileriň alyp barýan gurluşyk işleri, aýratyn-da, olaryň dürli maksatly desgalaryň gurluşygyna gatnaşyşy hem-de Aşgabat — Türkmenabat ýokary tizlikli awtomobil ýolunyň Tejen — Mary böleginiň gurluşygynyň alnyp barlyşy barada hasabat berdi.
Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow ýurdumyzy senagat taýdan ösdürmekde, halkara hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmekde möhüm ähmiýeti bolan döwrebap awtomobil ýolunyň Tejen — Mary böleginiň gurluşygyna ak pata berip, onda ýokary halkara ülňülere laýyk gelýän hil derejesiniň üpjün edilmeginiň we desganyň bellenen möhletlerde gurlup, ulanmaga berilmeginiň esasy talap bolup durýandygyna ünsi çekdi.
Ýoluň Aşgabat ― Tejen böleginiň geçen ýylyň sentýabr aýynda açylyp, ulanylmaga berlendigini ýatladýarys.