Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Adatdan daşary ýagdaýlar baradaky döwlet toparynyň duşuşygy geçirildi

17:0305.01.2022
0
2004

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda Türkmenistanyň Adatdan daşary ýagdaýlar baradaky döwlet toparynyň 2022-nji ýyl üçin meýilnamasynyň I babynyň 17-nji bölüminiň “Umumy bilim edaralarynda, ýokary we orta hünär bilimi hem-de hünär tehniki bilim edaralarynda bilim işini amala aşyrýan beýleki edaralarda raýat goranyşyna we adatdan daşary ýagdaýlarda hereket etmäge taýýarlyk okuwlarynyň we türgenleşikleriň guralyşy” bendine laýyklykda wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi. Duşuşyga Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň Aşgabat şäher Raýat goranyşy we halas ediş işleri müdirliginiň wekili maýor Annagül Ataýewa we ýokary okuw mekdebiniň talyp ýaşlary gatnaşdylar.

Duşuşygyň dowamynda myhman adatdan daşary ýagdaýlaryň görnüşleri, hususan-da tebigy we tehnogen häsiýetli howplar ýüze çykanda raýat goranyşyny guramak, onuň aýratynlyklary we halas ediş işleri hem-de bu howplaryň netijesinde onuň ýetirip biläýjek zyýanlary barada toplan tejribeleriniň esasynda giňişleýin çykyş etdi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň