Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

«Parahatçylygyň ýaş çaparlary» atly akyl-paýhas bäsleşiginiň 2-nji tapgyry geçirildi

16:0322.12.2021
0
14384

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň Ýaş diplomatlary mekdebi tarapyndan ýurduň mekdep okuwçylarynyň arasynda yglan edilen «Parahatçylygyň ýaş çaparlary» atly akyl-paýhas bäsleşigiň 2-nji tapgyry geçirildi. Bäsleşigiň bu tapgyry «Parfiýa we Hun döwletleriniň diplomatiýasy hem-de diplomatik däpleri» atly mowzuk boýunça geçirildi.

Akyl-paýhas bäsleşiginiň bu tapgyryna mekdep okuwsylaryny 8-si gatnaşdy. Olar düýn ir bilen Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýine gezelenç etdiler. Muzeýe guralan gezelenç mahaly bäsleşige gatnaşyjylar arheologik alymlar tarapyndan Nusaýyň çäginden tapylan arheologik tapyndylar bilen tanyşdylar. Döwlet muzeýinde mekdep okuwçylaryna ýörite sowallar berildi. Olar degişli eksponatlaryň ýanynda sowallara jogap berdiler.

Akyl-paýhas bäsleşiginiň 2-nji tapgyry Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň okuw binasynyň eýwanynda ýörite guralan «Türkmeniň ak öýünde» geçirildi. Bäsleşigiň mowzugyna laýyklykda, ak öýüň içi gadymy Parfiýadan tapylan ritonlar, şol döwri alamatlandyrýan suratlar bilen bezeldi. Bu ýerde Parfiýa döwrüni janlandyrýan edebi-sahna görkezilip, onuň dowamynda Ärsak şanyň nesillere eden öwüt-ýüzlenmesi goşgy setirleri bilen beýan edildi.

Akyl-paýhas bäsleşiginiň 2-nji tapgyrynda «Pähimdarlar geňeşiniň» agzalary Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Ýewropa ýurtlary bölüminiň geňeşçisi, Türkmenistanyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi Nurberdi Amanmyradow, Türkmenistanyň Taryhy we medeni ýadygärlikleri goramak, öwrenmek we rejelemek baradaky milli müdirliginiň baş hünärmeni, taryh ylymlarynyň kandidaty, dosent Akmyrat Babaýew, şeýle-de Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Taryh we arheologiýa institutynyň uly ylmy işgäri Serdar Maşarykow dagy bolup, olar bäsleşige adalatly eminlik etdiler.

Bäsleşigiň eminler toparynyň çykaran netijesine laýyklykda, Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň ýanyndaky ýörite sazçylyk mekdep-internatynyň 10-njy synp okuwçysy Yhlas Hallyýew bilen Daşoguz welaýatynyň Köneürgenç şäherindäki daşary ýurt dillerine ýöriteleşdirilen 8-nji orta mekdebiniň 10-njy synp okuwçysy Aýnur Döwletýarowa «Parahatçylygyň ýaş çaparlary» atly akyl-paýhas bäsleşiginiň 2-nji tapgyrynyň ýeňijileri diýlip yglan edildi.

Bäsleşigiň ýeňijilerine «Aýdyň gijeler» hojalyk jemgyýetinde öndürilen planşet sowgat berildi. Mundan başga-da ýeňijilere hem-de bäsleşige gatnaşyjylara beýleki hemaýatkärler tarapyndan taýýarlanan sowgatlar, institutyň degişli şahadatnamalary gowşuryldy.

Belläp geçsek, «Parahatçylygyň ýaş çaparlary» akyl-paýhas bäsleşiginiň 2-nji tapgyrynyň ýokary derejede geçirilmegine Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasy, Milli ýaý atyjylyk federasiýasy, Senagatçylar we telekeçiler birleşmesi, «Abadan haly» açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti, «Aýdyň gijeler» hojalyk jemgyýeti hem-de «Muhammet Balkan» hojalyk jemgyýeti hemaýatkärlik etdiler.

Bäsleşigiň 2-nji tapgyry «Miras» teleýaýlymy arkaly tomaşaçylara görkeziler.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň