Soňky habarlar

Arhiw

BTG:Dünýä jahankeşdeligi 2023-nji ýyldan bäri öňki kaddyna gelmez

13:1030.11.2021
0
1185

Dünýä turizmi koronawirus pandemiýasyndan öňki ýagdaýyna 2023-nji ýyldan bäri dolanyp bilmez, şeýle pikiri BMG-niň Bütindünýä Turizm guramasynyň baş sekretary Zurab Pololikaşwili metbugata beren beýanatynda nygtady.

«Bilermenleriň tas ýarysy (45 göterim) halkara jahankeşdeliginiň 2019-njy ýyldaky ýagdaýyna 2024-nji ýylda we ondan soň, 43 göterimi 2023-nji ýylda gaýdyp gelip biler diýip hasaplaýarlar» diýip, ýolbaşçy sözüni aýdyňlaşdyrdy.

Pololikaşwiliniň sözlerine görä, şu ýyl beýleki ýurtlara syýahat eden jahankeşdeleriň sany garaşylyşy ýaly, pandemiýadan öňki döwürdäkiden 70-75 göterim az bolar. Bu bolsa ykdysady görkezijilerde özüni bildirer.

«Jahankeşdeligiň dünýä ykdysadyýetine goşandy 2019-njy ýylda 3,5 trillion dollara deň bolupdy, ýokanç bolsa bu görkezijini ýarpysyna çenli kemeltdi, ýagny 2 trilliona deň boldy» diýip, BTG-niň baş sekretary belledi. Onuň aýtmagyna görä, häzirki günde halkara jahankeşdeligi bütin dünýäde 1 milliard syýahatçyny ýitirip, mundan 30 ýyl öňki ýagdaýa dolandy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň