Soňky habarlar

Arhiw

Gurbanguly Berdimuhamedow we Kasym-Žomart Tokaýew ikitaraplaýyn gepleşikleri giňeldilen görnüşde geçirdiler

18:4625.10.2021
0
1011
Gurbanguly Berdimuhamedow we Kasym-Žomart Tokaýew ikitaraplaýyn gepleşikleri giňeldilen görnüşde geçirdiler
Surat: akorda.kz

Geçirilen ikiçäk gepleşiklerden soň, iki ýurduň döwlet Baştutanlary resmi wekiliýetleriň agzalarynyň gatnaşmagynda gepleşikleri giňeldilen görnüşde dowam etdirdiler. Bu barada Gazagystan Respublikasynyň Prezidentiniň resmi web sahypasynda habar berilýär.

Giňeldilen görnüşde geçirilen gepleşigiň barşynda Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti doganlyk Türkmenistan döwletine eden ilkinji döwlet saparyna aýratyn ähmiýet berýändigini belledi. Kasym-Žomart Tokaýew şu günki duşuşygyň Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygynyň bellenilmeginiň nyşanydygyny aýtmak bilen, Gazagystanyň halkynyň adyndan tutuş türkmen halkyny bu şanly baýramçylyk bilen tüýs ýürekden gutlady. Mundan başga-da, döwlet baştutany söwda we ykdysady hyzmatdaşlygyň gazak-türkmen köptaraply gatnaşyklarynyň özenini düzýändigini nygtady.

Kasym-Žomart Tokaýew kärdeşiniň 2022-nji ýylda Gazagystanda Türkmenistanyň Medeniýet günlerini geçirmek baradaky teklibini goldaýandygyny aýdyp, türkmen medeniýetiniň ussatlarynyň etjek çykyşlarynyň doly üstünlik gazanmagyny kepillendirip, bu çäräni medeni we ruhy gatnaşyklar babatynda möhüm ähmiýetli diýip atlandyrdy. Şeýle-de ol Gazagystanyň Türkmenistana umumy bahasy 130 million dollardan gowrak bolan 60 haryt ugry boýunça dürli önümleriň iberilmegini artdyrmaga taýýardygyny aýtdy.

Giňeldilen görnüşde geçirilen gepleşiklerde iki döwletiň özara bähbitli ugurlarynda geljekde hem tagallalary artdyrmak bilen hyzmatdaşlygyň netijeliligini ýokarlandyrmak göz öňüne tutuldy. Türkmenistanyň we Gazagystanyň döwlet Baştutanlary geljegi has aýdyň pudaklarda mümkinçilikleri ýerlikli peýdalanmak, syýasy-ykdysady ugurlar bilen deň derejede medeni-ynsanperwer gatnaşyklaryny berkitmegi nazarda tutdular. Geçirilen gepleşiklerden soň iki döwletiň hyzmatdaşlygynyň birnäçe ugurlary bilen baglylykda resminamalara gol çekildi.

Şeýle-de okaň:

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň