Turkmenportal logo
20.10.21
48054805
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Aziýa kubogy ― 2023-iň saýlama duşuşyklary merkezleşdirilen görnüşde geçiriler

Futbol boýunça Aziýa kubogy ― 2023-iň jemleýji saýlama tapgyrynyň duşuşyklary merkezleşdirilen görnüşde geçiriler. Bu barada Täjigistanyň Futbol federasiýasy habar berýär.


AFK-nyň Ýerine ýetiriji komiteti bu karara koronawirus pandemiýasy bilen bagly ýagdaýlaryň öňüni almak maksady bilen geldi.


Toparçalaýyn tapgyryň duşuşyklary 2022-nji ýylyň 8-nji, 11-nji we 14-nji iýunynda geçiriler.


Häzir AFK bu duşuşyklary geçirmek üçin milli federasiýalarddyr assosiasiýalardan ýüzlenmeleri kabul edip başlady.