Berdimuhamedowyň Täjigistana sapary başlandy

10:3917.09.2021
0
14811

Täjigistan Respublikasynyň Prezidentiniň Metbugat gullugynyň habaryna görä, şu gün — 17-nji sentýabrda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň Täjigistan Respublikasyna iş sapary başlandy.

Saparyň çäklerinde Türkmenistanyň Prezidenti Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasyna agza ýurtlaryň döwlet Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisine hormatly myhman hökmünde gatnaşar.

Şeýle hem saparyň çäklerinde Türkmenistanyň Prezidentiniň daşary ýurtlaryň döwlet Baştutanlary bilen ikitaraplaýyn duşuşyklarynyň geçirilmegi meýilleşdirilýär.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň