Soňky habarlar

Arhiw

Tramp 2024-nji ýyldaky Prezident saýlawlaryna gatnaşar

18:0512.09.2021
0
1358

ABŞ-nyň öňki Prezidenti Donald Tramp 2024-nji ýylda ýurtda geçjek Prezident saýlawlaryna gatnaşmak kararyna gelendigini mälim etdi, ol tarapdarlarynyň özüniň bu gelen netijesine şatlanjakdyklaryny sözüniň üstüne goşdy.

Amerikanyň Nýu-Ýork şäherinde mundan 20 ýyl, 11-nji sentýabrda geçen ýykgynçylyklar bilen bagly polisiýa we ýangyn söndüriş gulluklarynyň işgärleri bilen duşuşyk wagty saýlawlara gatnaşmak bilen bagly berlen sowala Tramp: “Bu çylşyrymly sowal, emma ol meniň üçin ýönekeý. Men özümiň näme etjekdigimi bilýärin, emma häzirlikçe saýlaw tutumyna gatnaşmak bilen bagly maliýeleşdirmek kanunlaryna görä, bu barada jogap bermekden saklanýaryn. Ýöne men siz bagly bolarsyňyz diýip pikir edýärin” diýip, jogap berdi.

ABŞ-nyň öňki Prezidentlerinden diňe Donald Tramp we 96 ýaşly Jimmi Karter Nýu-Ýorkda, Pensilwaniýa ştatynda we Waşingtonda geçen ýykgynçylyklaryň 20 ýyllygy bilen bagly resmi çärelere gatnaşmadylar.

Barak Obama we Billi Klinton häzirki Prezident Jo Baýden bilen birlikde Nýu-Ýorkda geçen dabara gatnaşdylar, Jorj Buş häzirki wise-prezident zenan Kamala Harris bilen bilelikde Pensilwaniýada geçen dabarada çykyş etdi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň