Mary şäherinde ýerleşýän “Merw” we Türkmenabatdaky “Lebap” söwda kärhanalaryny açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetlerine öwürmek meýilleşdirilýär. Şeýle hem Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrligine degişli birnäçe kärhanalary paýdarlar jemgyýetlerine öwürmek boýunça degişli işler alnyp barylýar.
Ministrler Kabinetiniň 27-nji awgustda geçirilen sanly ulgam arkaly nobatdaky mejlisinde Gurbanguly Berdimuhamedow döwlet eýeçiligindäki edaralary dolandyrmagyň netijeliligini ýokarlandyrmak, olary paýdarlar jemgyýetlerine öwürmek we ykdysadyýetiň düzüminde hususy ulgamyň paýyny ýokarlandyrmak hem-de kiçi we orta telekeçiligi ösdürmek ugrunda kesgitlenen meýilnamalary durmuşa geçirmek üçin ähli tagallalary etmek anyk görkezmeleri berdi.
Türkmen Lideri dokma pudagyny ösdürmek boýunça degişli resminama gol çekdi we oňa laýyklykda, Maliýe we ykdysadyýet ministrligine hem-de Dokma senagaty ministrligine Türkmenistanyň Dokma senagaty ministrliginiň “Türkmendokma” daşary söwda kärhanasynyň guramaçylyk-hukuk görnüşini üýtgedip, ony “Türkmendokma” açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetine bellenen tertipde öwürmek tabşyryldy. Şeýle-de “Türkmendokma” açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetini esaslandyryjylar hökmünde Dokma senagaty ministrligine — esaslyk maýadaky paýy 90 göterim hem-de ministrligiň “Altyn asyr” harytşynaslyk merkezine esaslyk maýadaky paýy 10 göterim möçberde paýly gatnaşmaga ygtyýar berildi.