Soňky habarlar

Arhiw

Wepa Jumaýew «Lokomotiwde» Belarusyň birinji ligasyndaky ilkinji duşuşygyny geçirdi

20:2218.04.2021
0
7179

Gomel şäheriniň «Lokomotiwiniň» türkmenistanly ýarym goragçysy Wepa Jumaýew Belarusyň Birinji ligasynyň 1-nji tapgyrynda geçirilen duşuşyga gatnaşdy. Täze möwsümiň badalgasynda «Olimpiýa» stadionynda «Krumkaçy» kabul eden «Lokomotiw» 0:1 hasabynda garşydaşyndan asgyn geldi.

Bu duşuşyk 20 ýaşly ýarym goragçynyň täze toparyndaky ilkinji resmi duşuşygy boldy. Mundan ozal ol ýoldaşlyk duşuşyklarynyň birnäçesine gatnaşypdy.

Häzirki wagtda Gomel döwlet tehniki uniwersitetinde okaýan ildeşimiz Aşgabadyň «Köpetdagynyň» uçurymydyr. Ol geçen möwsümi Rogaçýow şäheriniň «Dnepr» futbol toparynda geçiripdi. Belarusyň ikinji ligasynyň wekili bilen 12 duşuşyga çykan türkmenistanly futbolçy olarda bir gezek tapawutlanyp bildi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň