Şu gün Aşgabatda geçirilen Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň XI mejlisi geçirildi. Türkmenistanyň Prezidentiniň başlyklyk etmeginde geçirilen mejlisde guramaçylyk meselelerine hem seredildi. Milli Lider Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň prezidenti wezipesine başga mynasyp adamyň saýlanylmagy barada aýdyp, bu barada nähili teklipleriň bardygyny sorady.
Bu mesele barada Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň käbir agzalary çykyş edip, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Ýokary gözegçilik edarasynyň başlygy S.Berdimuhamedowy Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň prezidenti wezipesine saýlanmagyny teklip etdiler. Soňra Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň mejlisinde S.Berdimuhamedowy Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň prezidenti wezipesine saýlanmagy boýunça ses berildi. Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň agzalarynyň ses bermeginde S.Berdimuhamedow Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň prezidenti wezipesine biragyzdan saýlanyldy.