Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanyň Mejlisi «Türkmenistanyň halk itşynasy» we «Türkmenistanyň at gazanan itşynasy» diýen hormatly atlar bilen bagly kanynçylyk taslamalaryny kabul etdi

22:5513.03.2021
0
8206

Türkmenistanyň Mejlisiniň altynjy çagyrylyşynyň 13-nji maslahatynda «Türkmenistanyň «Türkmenistanyň halk itşynasy» diýen hormatly adyny döretmek hakynda» hem-de «Türkmenistanyň «Türkmenistanyň at gazanan itşynasy» diýen hormatly adyny döretmek hakynda» Türkmenistanyň Kanunlarynyň taslamalary ara alnyp maslahatlaşylanda gyzyklanma bildirilen pikir alyşmalar boldy.

Çykyş edenleriň nygtaýşy ýaly, Prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň yzygiderli durmuşa geçirýän döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri dünýäde milli taryhy-medeni mirasymyzy gorap saklamakdan we wagyz etmekden ybaratdyr. Türkmen alabaýlarynyň tohumçylyk işini ösdürmek, bu ajaýyp tohum itleriň sanyny köpeltmek, ýurdumyzda itşynaslygyň ýokary hünär derejesindäki döwrebap düzümini döretmek bu babatda alnyp barylýan giň gerimli işleriň möhüm ugruna öwrüldi.

Milletiň Lideriniň “Türkmen alabaýy” atly kitaby türkmen alabaýlarynyň halkymyzyň durmuşynda we ykbalynda eýeleýän uly orny hem-de olaryň köpýyllyk seçgiçilik işleri, bu tohum itleriň gelip çykyşy baradaky pikir ýöretmeleri, taryhy we medeni maglumatlary özünde jemleýär.

Soňky ýyllarda Ýer ýüzüniň dürli künjeklerinde türkmen alabaýlarynyň janköýerleriniň sany barha artýar. Şunuň ýaly ägirt uly gyzyklanma göz öňünde tutulyp, geçen ýyl merkezi edarasy Aşgabatda bolan Halkara “Türkmen alabaý itleri” assosiasiýasy döredilip, ol dürli ýurtlaryň itşynaslaryny Orta Aziýanyň meşhur goýun itleriniň taryhy watanynda bir ýere jemledi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň