Soňky habarlar

Arhiw

Täjigistan elektrik energiýasynyň eksportyny artdyrdy

19:0424.02.2021
0
906

Täjigistan 2021-nji ýylda iki ýurda —  Özbegistana we Owganystana iberýän elektrik energiýasynyň eksportyny artdyrdy.

«Barki Tojik» döwlet Holding kompaniýasynyň başlygynyň birinji orunbasary Mahmadumar Asozoda özüniň metbugat ýygnagynda eden çykyşynda: « Täjigistan 2021-nji ýylda Owganystanyň we Özbegistanyň Hökümetleri bilen elektrik üpjünçiligi baradaky şertnamalara gol çekdi. » - diýip belledi. Onuň sözlerine görä,  häzirki wagtda Täjigistandan Owganystana her günde 50 MWt elektrik energiýasy eksport edilýär.

Şu ýylyň aprel aýyndan başlap bolsa, Täjigistandan Owganystana iberilýän elektrik energiýasynyň mukdaryny 400 — 450 MWt-a çenli ýokarlandyrmaklyk meýilleşdirilýär. Bu baradaky gürrüňi dowam etdirmeklik bilen, «Barki Tojik» döwlet Holding kompaniýasynyň başlygynyň birinji orunbasary Mahmadumar Asozoda:«Elektrik energiýasy Owganystana iki sany elektrik geçirijisi  — 110 kWt-lyk we 220 kWt-lyk elektrik geçirijileri arkaly eksport edilýär. 110 kWt-lyk elektrik geçirijisi  arkaly iberilýän elektrik energiýasynyň bahasy bir kilowatt üçin 3 sent, 220 kWt-lyk elektrik geçirijisi  arkaly iberilýän elektrik energiýasynyň bahasy bolsa, bir kilowatt üçin 4,5 sent bolar. Bu babatda gazanyljak ýyllyk ösüşiň netijesi bolsa 3 göterim ýokarlanar.» - diýip nygtady.

Asozodanyň bellemegine görä, Täjigistandan Özbegistana elektrik energiýasy möwsümleýin iberilýär. Iki ýurduň arasynda gazanylan ylalaşygyň netijesinde Täjigistandan Özbegistana 1,5 milliard kWt/sagat elektrik energiýasynyň eksporty göz öňünde tutulýar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň