Soňky habarlar

Arhiw

Halkara nebit we gaz uniwersitetine Ýagşygeldi Kakaýewiň ady dakyldy

21:3612.02.2021
0
16463

Şu gün – 12-nji fewralda Türkmenistanyň Prezidenti Hökümetiň 2020-nji ýylyň jemlerine bagyşlan giňişleýin mejlisini geçirdi. Mejlisiň barşynda Halkara nebit we gaz uniwersitetine Ýagşygeldi Kakaýewiň adyny dakmagyň maksadalaýyk boljakdygyny belledi.

Türkmenistanyň Mejlisi Türkmenistanyň Prezidentiniň bu başlangyjyny goldap hem-de beren tabşyrygyny ýerine ýetirmek maksady bilen, Halkara nebit we gaz uniwersitetine Ýagşygeldi Kakaýewiň adyny dakmak we ony mundan beýläk «Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersiteti» diýip atlandyrmak barada karar kabul etdi.

Bu barada «Watan» habarlar gepleşiginde habar berildi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň