Şu gün — 11-nji fewralda Türkmenistanyň Prezidenti Ministrler Kabinetiniň sanly wideoaragatnaşyk arkaly giňişleýin mejlisini geçirdi. Mejlisiň barşynda Türkmenistanyň Prezidenti döwlet doalandyryş ulgamynyň işini mundan beýläk hem kämilleşdirmek, Hökümetiň işini has-da gowulandyrmak maksady bilen, Ministrler Kabinetiniň düzümine Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň ýene-de bir orunbasarynyň wezipesini girizmek we ony Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň agzalygyna hem-de Ýokary gözegçilik edarasynyň başlygy wezipesine bellemek hakyndaky karara gelendigini belledi.
Bu barada «Watan» habarlary gepleşiginde habar berildi.