Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

«Hyundai Engineering Co., Ltd» kompaniýasy üçin Türkmenistanyň nebit we gaz taslamalaryna gatnaşmaklyk uly hormat

09:2812.12.2020
0
16694

Türkmenportalyň redaksiýasyna Koreýanyň «Hyundai Engineering Co., Ltd.»  kompaniýasyndan Prezident Gurbanguly Berdimuhamedowy we türkmen halkyny Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 25 ýyllygy hem-de Türkmenistanyň nebitgaz senagaty we geologiýa işgärleriniň güni mynasybetli gutlag haty geldi.

«Bütindünýä jemgyýetçiligi Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň kanuny statusyna hormat goýýar. Ýurduňyz ýer ýüzünde ykrar edilen parahatçylygy goraýyş merkezleriniň biridir. Hemişelik Bitaraplyk ýörelgelerine eýerip, Türkmenistan parahatçylyk we ylalaşyk ýaly adamzadyň beýik maksatlarynyň tassyklanmagy üçin halkara gepleşiklerine möhüm goşant goşýar.» – diýlip hatda beýan edilýär.   

«Hyundai Engineering Co., Ltd.»  kompaniýasy 10 ýyldan bäri biziň ýurdumyzda işleýär we şol 10 ýylyň içinde bilelikdäki birnäçe iri taslamany durmuşa geçirmegi başardy. Hususan-da, 2013-nji ýylda iň uly Galkynyş ýatagynda gazy kükürtden arassalaýjy zawody gurdy.

«Hyundai Engineering Co., Ltd.»  kompaniýasy «LG International Corporation» diýen halkara korporasiýasy bilen bilelikde Türkmenbaşy nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda (TNGIZT) birnäçe täze tehnologiki bölümleri işe girizdi.

Balkan welaýatynyň Gyýanly şäherçesinde ýylda 386 müň tonna ýokary dykyzlykly polietilen we 81 müň tonna polipropilen öndürmeklige niýetlenilen täze gaz himiýa toplumy işe girizildi. Bu önümleriň ösen we ekologiýa taýdan arassa tehnologiýalar esasynda öndürilýändigini bellemelidiris. Şunuň bilen baglylykda, bu taslamanyň 2014-nji ýylda, entek dizaýn tapgyryndaka Ýewropada we Ýewraziýada ekologiýa taýdan arassa on taslamanyň biri hökmünde Beýik Britaniýadan TXF guramasy tarapyndan ýörite baýrak alandygyny-da bellemelidiris. 

«Hyundai Engineering Co., Ltd.» kompaniýasynyň Koreýanyň «LG International Corporation» diýen halkara korporasiýasy we Ýaponiýanyň  «TOYO Engineering Corporation» korporasiýasy bilen bilelikde amala aşyran bu taslamasynyň bahasy 3,4 milliard ABŞ dollaryndan gowrakdyr. Şeýle hem toplumyň ýokary hünärli işgärler bilen üpjün edilmegi babatynda möhüm işleriň edilendigini bellemek gerek.

«Hyundai Engineering Co., Ltd.» kompaniýasy Gyýanly şäherçesindäki kärhana üçin ýörite okuw merkezini – nazaryýeti öwrenmeklik we zawodyň hünärmenleri üçin amaly okuwlary geçirmeklik babatynda  platforma açdy. Bu okuw merkezinde gurluşyk işlerine gatnaşan ýüzden gowrak türkmen hünärmenleri tälim aldy. Şeýle hem Okuw merkezinde, Magdan we himiýa kombinatynda we beýleki türkmen senagat kärhanalarynda işleýän tehniki hünärmenler özleriniň hünär derejelerini ýokarlandyrýarlar. Bu okuw merkezi  «Hyundai Engineering Co., Ltd.» kompaniýasynyň gurýan beýleki taslamalarynda ulanjak hünärmenleriniň hem mümkinçiliklerini giňeldýär.

«Türkmenistan Merkezi Aziýada «mawy ýangyjyň» esasy üpjünçisi bolmaklyk bilen dünýäde öňdebaryjy energiýa ýurtlaryndan biridir we ýakyn ýyllarda gaz önümçiligini artdyrmaklyk üçin ähli mümkinçilikleri bar. Hut şu nukdaýnazardan-da, Türkmenistanyň nebitgaz pudagyndaky möhüm taslamalaryna gatnaşmaklygy dowam etdirmeklik «Hyundai Engineering Co., Ltd.» kompaniýasy üçin uly buýsançdyr.»  –  diýlip Türkmenportalyň redaksiýasyna ýazylan hatda aýdylýar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň